TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa+Russiýa” daşary işler ministrleriň duşuşygy

Şu ýylyň 22-nji aprelinde “Merkezi Aziýa+Russiýa Federasiýasy” daşary işler ministrleriniň 5-nji duşuşygy sanly ulgam arkaly geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň hem beren beýanatynda Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylar Merkezi Aziýa sebitindäki durnuklylygy üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere serederler. Şeýle hem Owganystan bilen baglanyşykly ýagdaýlara baha berler.

Şeýle hem ulag, energetika, sanitar-epidemiologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak meseleleri boýunça pikir alşarlar.

2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýa+Russiýa Federasiýasy” daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirilipdi.

Ahalteke atlarynyň şan-şöhraty dünýä dolýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Baş Redaktor

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Teswirle