JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň ýokary wezipeli zenanlarynyň Dialogy dörediler

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Dialogyny döretmek boýunça ilkinji duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşyk wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebit edarasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan guraldy.

BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebit edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German duşuşygy açyp, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde zenanlaryň eýeleýän ornuny güýçlendirmäge gönükdirilen täze taslamanyň möhümdigini nygtadylar.

Wideomaslahata gatnaşyjylar bu Dialogy döretmek başlangyjynyň onuň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetliligine degişli nukdaýnazardan konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda intellektual ulgam, ylmy taýdan esaslandyrylan jemgyýetçilik-syýasy barlaglary goldamak, gender deňligi meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek, dürli ulgamlarda zenanlaryň oňyn başlangyçlaryny höweslendirmek bar.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan “2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini” iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de BMG-niň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” diýen gün tertibi baradaky meselelere aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl parahatçylygy üpjün etmekde we goldamakda zenanlaryň eýeleýän möhüm orny ilkinji gezek berkidilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kararnamasynyň kabul edilen gününe 20 ýyl hem-de “BMG-zenanlar” düzüminiň döredilen gününe 10 ýyl doldy.

Geljek ýyl Türkmenistan 2021-2025-nji ýyllara niýetlenen gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň ikinji Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişer. Degişli Karara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynyň başynda gol çekdi.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogyna gatnaşýar

“Baýeri” durduran “Atalanta” Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýed Ebrahim Raisiniň soňky ýoluna ugratmak dabarasy gatnaşdy

Ata Watan Eserleri