TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň hemişelik wekilleriniň duşuşygy

Merkezi Aziýa we Ýaponiýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilleri iş maslahatyny geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Ýaponiýanyň Ilçisi jenap Işikane Kimihiro, Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde Ýaponiýanyň alyp barýan işleri barada gysgaça maglumat berdi, hususan-da Geňeşiň sebit howpsuzlygyny berkitmek ugrundaky işine ünsi çekdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilleri sebitdäki ýurtlaryň we Ýaponiýanyň BMG-däki hyzmatdaşlygy, şeýle hem daşary işler ministrleriniň 2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Tokioda geçirilen duşuşygynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, sebitde we goňşy ýurtlarda işleýän BMG agentlikleriniň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky Missiýasynyň (UNAMA) işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga üns berildi.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle