JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygynyň nobatdaky tapgyry sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Duşuşyga Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan we Owganystan Yslam Respublikasyndan ýokary derejeli diplomatlar, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.German we Merkeziň wekilleri, BMG-niň Baş Sekretarynyň Syýasy meseleler, parahatçylyk gurujylyk  meseleleri we parahatçylyk döredijilik amallary boýunça kömekçisi, Ilçi Miroslaw Ýença, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Ilçi  Peter Buriýan, ÝHHG-niň Dawalaryň öňüniň alynmagy boýunça Merkeziniň Direktory, şeýle-de halkara bilermenleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, sebitleýin gepleşikleriň bu formaty sebit hem-de global derejedäki biziň bilelikdäki hereketlerimiziň gün tertibinde duran derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin özüni önjeýli we aýratyn netijeli meýdança hökmünde ykrar etdi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän şu günki duşuşyk örän ähmiýetli hem-de öz wagtynda bolup, ol çylşyrymly ýagdaýlar dogrusynda pikirleri we kesgitlemeleri alyşmaga, täze koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy zerarly ýüze çykan çökgünligiň ýeňip geçilmegine gönükdirilen başlangyçlara giňişleýin seretmäge mümkinçilik berýär.

Şonuň ýaly-da diplomat Owganystandaky ýagdaýlaryň jogapkär hem-de işjeň owgan güýçleriniň ählisiniň gatnaşmagynda giň gerimli umumymilli gepleşikleriň esasynda diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagynyň mümkindigini aýratyn nygtady we halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylyk döredijilik mümkinçilikleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygy astynda Owganystanda has işjeň hem-de giňişleýin ulanylmagynyň zerurlygyny-da belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda şeýle-de çökgünligiň ýeňip geçilmegi boýunça ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki milli başlangyçlara hem-de tekliplere, çökgünlikden soňraky döwür üçin hökümetleriň çaklamalaryna syn berildi, şonuň ýaly-da sebitleýin tagallalaryň goldanylmagynda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň we beýleki düzümleriň mümkingadar ähmiýetleri dogrusyndaky tekliplere-de seredilip geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler

16-njy martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürleri bilen duşuşdy

Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly ady dakyldy