BIZNES

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň Ýanlin şäherinde “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynda oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Hytaýyň oba hojalyk ministri Tan Ženszýanyň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň oba hojalyk ministri Askarberk Janybekow, Täjigistanyň oba hojalyk ministri Kurbon Hakimzoda, Özbegistanyň oba hojalyk ministri Aziz Woitow, Gazagystanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Erbol Tasžurekow hem-de Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew gatnaşdy.

“Ýokary derejede oba hojalygynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, azyk howpsuzlygy we oba hojalygynda durnukly ösüşi ösdürmek” mowzugynda geçirilen duşuşykda Hytaýyň ministri Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň üstünden geçen 31 ýylyň dowamynda oba hojalyk pudagynda oňyn ösüşleriň gazanylandygy, oba hojalyk önümleriniň söwdasynyň ýokarlanandygyny belledi.

Şeýle hem Hytaýyň oba senagat toplumyna ýolbaşçylyk edýän ministri şeýle duşuyklaryň yzygiderli geçirilmegini ýola goýmagyň möhümdigini belläp, munuň oba hojalygyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjakdygyny belledi.

Şeýle hem Hytaýyň ministri däne, pagta we oba hojalygy senagatynyň gök we bakjak önümçiligi üçin synag meýdançalaryny döretmek, ähli ugurlarda maýa goýumlary artdyrmak, oba ýerlerinde oba hojalygyny ösdürmek, ylmy-tehniki alyş-çalşygyny giňeltmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň jemleri boýunça oba hojalygynyň esasy ugurlarynda söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Beýanata görä, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaý oba hojalygynyň esasy ugurlaryna özara maýa goýumlaryny höweslendirer. Oba hojalyk parklarynyň, ammarlaryň we logistika desgalarynyň bilelikde gurulmagy üçin goldaw berler.

Şeýle hem taraplar “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynda oba hojalygynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek babatda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Dünýäde milliarderleriň sany 7 göterim artdy

Maşat şäherinde “STAR EXPO 2023” atly sergi geçirildi

5-nji dekabrda Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy başlar

Amerikaly milliarder Çarli Manger aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti Gruziýada geçirilen energetika forumyna gatnaşdy

“EKSPO-2030” bütindünýä sergisi Saud Arabystanyda geçiriler

Ata Watan Eserleri