TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Merkezi Aziýada “Nowruz Kubogy” guramak teklip edildi

Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) 6-njy kongresi Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirildi. Duşanbedäki “Hayatt Regancy” myhmanhanasynda geçirilen kongresiň ýygnagyna Türkmenistanyň wekilleri onlaýn tertibinde gatnaşdy.

Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Rustami Emomaliniň hem gatnaşmagynda geçirilen duşuşyga – CAFA-nyň wise-prezident Dastanbek Konokbaýew, CAFA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy – Rawşan Irmatow (Özbegistan) we Mehdi Taj (Eýran), şeýle hem Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Eýranyň futbol federasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Bu ýygnaga Aziýanyň futbol konfederensiýasynyň wekilleri hem onlaýn tertibinde gatnaşdy. Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Rustami Emomali CAFA-nyň düzümine girýän federasiýalaryň sebitiň futbolyny ösdürmäge uly goşant goşýandygyny belledi.

Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň baş sekretary Ulugbek Karimow 2021-nji ýylda geçirilen işler, gurnalan futbol ýaryşlary barada maglumat berdi.

2022-nji ýylda Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda dürli ýaşdaky milli ýygyndylaryň arasynda 8 ýaryş gurnamak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem kongresde CAFA-nyň 2022-nji ýyl üçin býujeti tassyklandy.

Duşuşygyň ahyrynda Özegistanyň futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti Rawşan Irmatow geljekde Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň düzümine görýän milli ýygyndylaryň arasynda “Nowruz kubogyny” gurnamak boýunça teklip etdi.

 

Angliýanyň futbol taryhyna geçdi

Ýene-de okaň

Ýaşyl meýdançanyň ýyldyzynyň ekologiýa zyýany

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Teswirle