Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi.
Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda assosiasiýasy (ROTOBO), Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, «Kazakh Invest» kompaniýasy, «Atameken» milli telekeçiler edarasy Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde bu wekilçilikli işewürlik çäresiniň guramaçylary hökmünde çykyş edýär. Forumyň gün tertibi sebit integrasiýasynyň möhüm ugurlaryny, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalaryny hem-de senagat kooperasiýasy taslamalaryny goldamagy, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meselelerini öz içine alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň 450-den gowrak wekilini bir ýere jemlän forumyň açylyş dabarasynda bu bilelikdäki çäräniň ähmiýeti nygtaldy. Alty ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, deňhukuklylyk, döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek onuň baş maksadydyr.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykarylyp, ähli ugurlar boýunça anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.
Bilelikdäki işewürlik maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminama gol çekildi we kabul edildi.
Şolaryň hatarynda:
- GTG-2-niň taslamasy boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň we «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret» kompaniýasynyň (Türkiýe) arasynda “Ýol kartasy” (iş meýilnamasy);
- Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gazturbina desgalarynda orta abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek barada Çarçuwaly ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda akademik alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary söwda işleri guramasynyň (JETRO) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
- Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy döretmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hakynda maglumat býulleteni;
- Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Nippon” eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň, «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen «Masui Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Esasy resminamalaryň hatarynda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň işewürlik maslahatynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama bar.