DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşyk Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin täze platforma döretmek we täze gözýetimleri kesgitlemek üçin esas döretdi.

Duşuşygyň netijesiniň döwletleriň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigi we sebitiň parahatçylygyny, durnuklylygyny, durnukly ösüşini we gülläp ösmegini üpjün etjekdigine ynam bildirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo bilen duşuşygy boldy.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Sun bilen duşuşygy geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýadaky ykdysady we energetika maslahatyna gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti Germaniýada saparda bolar

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsuly wezipä bellenildi

Olaf Şolz Merkezi Aziýanyň Prezidentleri bilen duşuşar

Türkmenistanyň Gruziýadaky ılçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirdi

“Arçabil” myhmanhanasynda halkara media forumy geçirildi