TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

“Merkezi Aziýa – Hytaý” sammiti – hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ägirt uludyr hem-de biz beýik döwlet bolan Hytaý bilen egin-egne berip, şol mümkinçilikleri halklarymyzyň dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirmäge berk ygrarlydyrys.

2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda möhüm syýasy wakanyň – “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitiniň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy özboluşly mana eýedir. Sammite hytaý tarapynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar.  Hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitine gatnaşmagy hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.

Hytaýda geçirilýän bu ilkinji möhüm diplomatik çäräniň 31 ýyl mundan ozal diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri 6 döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ilkinji ýüzbe-ýüz geçiriljek sammitidir. “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammiti “Bir guşak, bir ýol” taslamasynyň ýokary hili amala aşyrylmagyna itergi berer. Geçiriljek bu sammit sebit howpsuzlygyny goldamaga saldamly goşant goşar.”Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitinde alty Lideriň bir meýdança jemlenmeginde, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek hem-de strategik hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly möhüm garaýyşlar öňe sürlüp, anyk teklipler beýan ediler. Şeýle hem sammitiň dowamynda gatnaşyklary ösdürmegiň täze meýilnamalary kesgitlener. Bu sammitiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary möhüm syýasy resminamalara gol çekerler.

Aýgül MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle