BIZNES

“Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynda ulag ministrleriň birinji duşuşygy geçirildi

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde durnukly ulag boýunça ählumumy forumyň çäklerinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynda ulag ministrleriň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ulag we aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek, gysga we amatly ulag geçelgelerini döretmek, şeýle hem üstaşyr gatnamalaryň möçberini artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynda ulag ministrleriň ilkinji duşuşygynda gazanylan ylalaşyklary bilelikde durmuşa geçirmek hem-de “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy esasynda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi höweslendirmek maksady bilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Dünýäde milliarderleriň sany 7 göterim artdy

Maşat şäherinde “STAR EXPO 2023” atly sergi geçirildi

5-nji dekabrda Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy başlar

Amerikaly milliarder Çarli Manger aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti Gruziýada geçirilen energetika forumyna gatnaşdy

“EKSPO-2030” bütindünýä sergisi Saud Arabystanyda geçiriler

Ata Watan Eserleri