Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy Hytaýyň Sian şäherinde geçiriler. Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.
26-27-nji aprelde geçiriljek Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň gün tertibiniň esasy mowzugy şu ýylyň maý aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Merkezi Aziýa-Hytaý” birinji sammitine görülýän taýýarlyk meseleleri bolar.
Mundan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary dürli ugurlarda altytaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Hususan-da, ulag-logistika infrastrukturasy, Merkezi Aziýadan oba hojalyk önümleriniň Hytaýa eksportuny artdyrmak, elektron söwdany ösdürmek, “Merkezi Aziýa-Hytaý” dialogy formatyna gatnaşyjy döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň hyzmatdaşlygy boýunça täze mehanizmleri döretmek ýaly ugurlarda özara pikir alyşmalar geçiriler.
Şeýle hem taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine serederler. Bu ugurda taraplaryň garaýyşlary boýunça pikir alyşmalar geçiriler.