TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Hindistan daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Hindistanyň metbugaty habar berýär.

18-19-njy dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu duşuşyk Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Hindistanyň Respublika gününiň baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde geçirilmegi göz öňünde tutulan Merkezi Aziýa-Hindistan ýokary derejedäki sammitiniň öňýanynda geçirilmegi babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlaryny 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Hindistanyň Respublika gününiň baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Hindistana çagyrdy.

Hindistanyň metbugatyna görä, Merkezi Aziýa-Hindistan formatyndaky döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyň Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky medeni we taryhy umumylyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Hindistana sapary we Merkezi Aziýa-Hindistan formatyndaky ýokary derejeli sammit häzir hereket edýän Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyk ýaly özboluşly formatyň döredilmegine mümkinçilik berjekdigini belledi.

Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy 2019-njy ýylda ýola goýuldy. Bu duşuşyk 2019-njy ýylda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirildi. 2020-nji ýylda bu duşuşyk onlaýn formatynda geçirildi.

 

“Altyn Asyr” topary sekizinji çempionlygyny gazandy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Teswirle