Ozal hem habar, Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mehanizmi 2015-nji ýylda döredildi. ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatnama görä, bu köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk platformasy ABŞ-nyň hökümetiniň Merkezi Aziýa döwletleri bilen umumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
- 2015-nji ýylda döredilen «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ministrler hem-de dürli ugurlardaky iş toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyklar bilen ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlyk dialogy giňeldilýär.
- «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iş toparlary ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk ugurlarynda bolup, sebit maksatnamalary durmuşa geçirilýär.
- 2021-nji ýylyň sentýabryndan bäri «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ministrler derejesinde 4 duşuşyk geçirildi.
- 2022-nji ýylda «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sekretariaty döredildi we ol hem ministrler derejesindäki we beýleki çäreleri guramaga mümkinçilik döredýär.