TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Meniň söhbetdeşim” bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi «turkmengazet.com» saýty bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet günleri mynasybetli  «Meniň söhbetdeşim» atly žurnalistikanyň söhbetdeşlik žanryna degişli eserleri ýazmak boýunça bäsleşik geçirdi.

18-nji maýda yglan edilen “Meniň söhbetdeşim” bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Milli merkezinde bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapynda sowgatlar gowşuryldy.

Dabarada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň wekili, turkmengazet.com web sahypasynyň baş redaktory, şeýle-de emin agzalar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaşlaryň ähli ugurlarda kämilleşmegi üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. Şeýle-de geçirilýän bu döredijilik bäsleşikleriň hem ýaşlaryň höwesleriniň artmagynda, ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmeginde uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

 

Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasy açyldy

Ýene-de okaň

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Teswirle