TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Men seniň ýanyňa barýan!

Öwrüp düýşlerim hyýala,

Men seniň ýanyňa barýan!

Söýgi diýip çykdym bu ýola,

Men seniň ýanyňa barýan!

 

Peýda etmez aňzak-epgek,

Öňde menzil kändir entek,

Paý-pyýada ýöräp kem-kem,

Men seniň ýanyňa barýan!

 

Gara gözňe boldum teşne,

Gurbat tapýan sözleň eşde,

“Yşkdan gelip barýan yşka”

Men seniň ýanyňa barýan!

 

Soragsyz girdiň ýüregme,

Soňra öwrüldiň geregme,

Sen maňa gelmäň deregne,

Men seniň ýanyňa barýan!

 

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle