SIZDEN GELENLER

Men arasynda paltamy ýitileýärdim…

Bir tokaýda iki dost agaç çapýan eken. Olaryň birinjisi daň bilen turup, agaç çapmaga başlaýar, bir agaç ýykylandan soň derrew beýlekisine geçýär. Uzyn gün ne dynç alýarmyş, ne-de iýip-içmek üçin özüne artykmaç wagt aýyrýarmyş.  Özem dostundan has soň öýüne gaýdarmyş.

Dostlaryň ikinjisi bolsa käte dynç alyp, Gün ýaşyp ugrandan öýüne dolanar eken.

Bir hepdeläp şeýle zähmet çekenden soňra iki dost ýygnan agaçlaryny sanamaga başlapdyr. Netijede, ikinji adam has köp agaç çapan eken.

Dosty muňa geň galypdyr.

-O nähili beýle bolýar, men senden has köp zähmet çekdim-ä. Işe senden ir başladym, senden giç gaýtdym. Ýöne seň agaçlaň köp-le. Munuň syry nämede?!

Beýlekiniň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy:

-Bu ýerde üýtgeşik syr ýok. Sen durman işleýän wagtyň, men arasynda paltamy ýitileýärdim. Ýiti palta bilen az güýç sarp edip, köp agaç kesiler.

Özümizi terbiýelemek, paltamyzyň nähilidigini bilmekdir. Özümize wagt aýryp, durmuşymyzy obýektiw garaýyş bilen seljermek gerek. Gowşak taraplarymyzy düzetmek üçin yhlas etmek – zehinimiziň, ruhumyzyň we häsiýetimiziň güýçli bolmagynda hökmany şertdir.

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti