TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Melike Diananyň haty satylar

Melike Diananyň aradan çykmazyndan alty ýyl ozal bir ýakyn jorasyna ýazan haty auksiona çykaryldy ― diýip, «Daily Mail» habar berýär.

Aýdylyşyna görä, şazada Çarlzyň ozalky aýaly bu haty Dadli Poplaga ýazypdyr. Hatda 30 ýaş dabarasyndan alnan suratlary ugradanlygy üçin haty alýana hoşallyk bildirilýär.

Häzir auksiona goýlan bu hat bi kolleksiýaçynyň öýünde saklanylýar.

Auksion söwdasy 30-njy iýulda başlar. Dünýä metbugatynda ýazylyşyna görä, hata eýýäm hyrydarlar bar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle