TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Meksika :Çempionat ýatyryldy

2020-nji ýylyň Meksika çempionatynyň soňky duşuşygy şu ýylyň 15-nji martda geçirildi. Şondan soňra COVID-19 pandemiýasy sebäpli çempionat wagtlaýyn saklanyldy.

Meksikanyň futbol ligasy tarapyndan çempionat wagtyndan öň tamamlandy. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Meksika futbol ligasynyň maglumatlaryna salgylanyp, liganyň adatdan daşary ýygnagynda futbolçylara, tälimçilere, wezipeli adamlara, eminlere, janköýerlere we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerine howp salmazlyk üçin 2020-nji ýyldaky milli çempionatyny tamamlamak barada karara gelindi. Ilkinji iki ýeri eýelän “Kruz Azul” we “Leon” toparlary KONKAKAF Çempionlar ligasynyň indiki möwsüminde oýnar.

Çempionatyň täzeden başlamagyň wagty entek belli däl. Çempionatyň täze möwsümi Saglygy goraýyş ministrliginiň teklipleri esasynda kesgitlener.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Horwatiýa ilkinji ýarym finalçy

Ispaniýanyň ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Teswirle