SIZDEN GELENLER

Mekgejöwene ideg işleriň geçirilişi

Mekgejöwen ekilenden soñ tohum gögermänkä ýagyş ýagyp, toprak gaty gapak emele getirse dyrmyklar bilen gaty gapagy döwmeli we ýumşatmaly. Mekgejöwen gögerip, 2-3 ýaprak çykandan soň, topragy dyrmyklamagy ýene-de gaýtalamaly. Dyrmyklamak diňe bir gapagy döwmän, topragy-da ýumşadýar, haşal otlary hem ýok edýär, toprakdan yzgaryň az bugarmagyny üpjün edýär.

Mekgejöweniň indiki ideg işleri hatararalaryny ýumşatmak, haşal otlary ýok etmek, dökünlemek we suwarmak çärelerini geçirmekden ybarat. Haşal otlara we kesellere garşy göreş çäreleri. Mekgejöwende 4-5 ýaprak emele gelende gektara 160 kilogram hasabynda ammiak selitrasyny hatarara bejergi geçirilende KRN-5,6 kysymly toprak ýumşadyjysy bilen hatarlaryň ugry boýunça dökmeli.

Bu toprak ýumşadyjy, dökün döküji “Belarus MTZ-80H” traktoryna tirkelip işledilýär. Döküni 10-12 sm çuňluga dökmeli. Eger toprak gurak bolsa, ortaça 800 m 3 kadada suw tutmaly, 8-10 ýaprak emele gelende hatarara bejergisi bilen gektara azodyň galan üçden bir bölegini ammiak selitrasy görnüşinde (165 kg) bermeli we gektara 900 m 3 kada-da suw tutmaly. Üçünji suwy gektara 900-1000 m 3 kadada mekgejöwen güllände (sübsesi, golçury emele gelip başlanda) bermeli. Dördünji suwy däne kemala gelýän döwri – süýtlenme döwri 1000-1100 m 3 kadada tutmak maslahat berilýär.

Kerwenmyrat Babaýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tayby.

 

 

ABŞ-nyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz

Magtymguly Pyragy – beýik milli şahyrymyz

Ylmyň netijesi – terbiýedir