TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Mekdep bazarlary işläp başlady

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýetip gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barha ýaýbaňlanýar. Ynha, täze okuw ýylynyň öň ýanynda paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan döredilen mekdep bazarlary işläp başlady.

Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek ýa-da täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän talyp ýaşlar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralan, eýýäm ençeme ýyldan bäri däbe öwrülen mekdep bazarlaryndan gerekli okuw esbaplaryny satyn alýarlar. Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar üçin niýetlenen okuw esbaplary, ýurdumyzyň telekeçileri we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen önümler özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren dürli ölçegdäki mekdep lybaslary hil taýdan göze gelüwliligi bilen alyjylaryň göwnünden turýar

Mekdep bazarlaryndaky okuw esbaplarynyň aglabasy milli harytlarymyz. Mekdep bazarynda okuwçy gyzlara niýetlenen, türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän uzyn ýeňli, ýakalary keşdelenen ýaşyl reňkli köýnekler bilen reňkdeş penjekler, fartuklar, zähmet sapagynda geýmek üçin niýetlenen lybaslar okuwçy gyzlarda höwes döredýär. Oglanlar-da bu ýerden özlerine gerekli mekdep lybaslarynyň — köýnekdir penjekleriň, aýakgaplaryň içinden göwnüne ýaranyny höwes bilen satyn alýarlar. Bazaryň tekjelerine bezeg berýän, nepis bejerilen başgaplar, ýantorbalardyr okuw esbaplary alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Esasy bellemeli zat mekdep bazarlarynda harytlaryň nyrhynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagydyr.

Ýene-de okaň

Talyp karzy: «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky

Ata Watan Eserleri

Hormatly talyplar we ene-atalar!

Ata Watan Eserleri

Beýik Britaniýada bilim almak üçin talyp hakly maksatnama

Ata Watan Eserleri