Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ösüşi

Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we sözlemleri düşnükli aýdyň aýtmagy, onuň mekdebe taýýarlygyny görkezýär. Ene dilini öwretmegiň esasy meselesi-çagalarda arassa we dogry ses aýdylyşyny terbiýelemekdir.

Sözleýiş dili bolmadyk çagalar ene dilindäki sesleri nädogry aýdýarlar, bir sesiň ýerine başga bir sesi ulanýarlar ýa-da sesi ýoýup aýdýarlar. Sözleýşiň bozulmalarynyň mekdebe çenli ýaşda aradan aýrylmagy hökmanydyr. Sebäbi çaganyň ösüşindäki kemçilikler onuň ýatkeşliginiň, pikirlenmesiniň, aňynyň ösmegine çaganyň daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşygynyň kynlaşmagyna-da öz täsirini ýetirýär.

Sözleýiş diliniň bozulmagy çaganyň häsiýetine belli bir derejede öz täsirini ýetirýär. Olarda utanjaňlyk, geplemezlik, göwnüçökgünlik peýda bolýar.

Öz wagtynda kämilleşen sözleýiş dili çaganyň akyl ýetirijiligine oňyn täsirini ýetirýär we onuň akyl taýdan ösmeginiň başlangyjy bolup durýar.

Mekdebe  çenli  ýaşly çaganyň pikirlenmäni we sözleýşi özleşdirmegi-çylşyrymly, köptaraplaýyn psihiki proses, döremegi we geljekde kämilleşmegi bolsa birnäçe faktorlara bagly. Çaganyň kelle beýnisi, eşidişi,  gep agzalary( artikulýasiýa apparaty) ösüşiň belli bir derejesine ýetende sözleýiş kemala gelip başlaýar.Emma onuň sözleýşiniň peýda bolmagy we geljekde dogry kämilleşmegi üçin sözleýiş gurşawy gerek. Çagada sözleýşi peýdalanmak zerurlygy deň-duşlary, garyndaşlary bilen aragatnaşyk saklamagyň esasy usuly hökmünde  ýüze çykýar.

Ata-eneler çaga bilen köpräk gürleşmeli, onuň ähli berýän soraglaryna jogap bermeli, onuň deň-duşlary  bilen aragatnaşykda bolmagyny gazanmaly. Öz ýaşyna laýyk gelýän goşgujyklary, tapmaçadyr-matallary, aýdymlary, sanawaçlary, ýomaklary, ýaňyltmaçlary kiçijik hekaýalary we ertekileri aýdyp berip, çagalaryň ýadynda galan ýerini aýtdyrmaly.

Meselem; goşgujyklardan-

               Kömelek,näme

                   Göterýäň başda

                   -Saýawan alyp,

                   Çykdym ýagyşda.

    Geçi, geçi aý geçi

    Gaçma bäri dur geçi

    Ot bereýin iý geçi

    Çaýyrlykda dur geçi.

        Tapmaça- matallardan-

Bagda gülier açyldy

Heýjanelek, janelek

Gülden güle aýlanýar

Owadanja……….(kebelek)

  • Bu nä täsin gyzgyn guýy?

Çüňki bilen guýýar çaýy.(çäýnek)

Garrr! Garrr!

Men gygyrsam gar ýagar!  (garga)

 Ýaňyltmaçlardan:

-Selbi sülleren selmelere suw sepdi (3-gezek)

-Şapyr-şupur ýagyşlar,

 Penjiräni nagyşlar.(3-gezek)

-Şaldyrama şabadyň boýunda şaldyrap duran şaly gördüm(3-gezek)

Sanawaçlardan:

-Pyşdyl, pyşdyl men

Irden ýola düşdüm men

Myhman boljak ýerime

Diňe agşam düşdüm men.

 

-Ekem,ekem  Arpa çekem

Ýola bakam  Gözüm dikem

Gyzyl towuk  Yrma towuk

Jyňňyrdawuk  Çek, aýak!

Hekaýa

Ýumşak

Biziň öýümizde pişigimiz bar. Onuň ady Ýumşak. Ýumşagyň tüýi mylaýym, ýumşak. Ony sypalasaň murtlary syh-syh bolýar.Ýumşak ejemiň bişiren pişmesini gowy görýär.Çaga bilen köpräk didaktiki, mazmunly we hereketli oýunlary oýnap, şolaryň üsti bilen sesleri dogry aýtmagy öwretmeli.  Eger-de çaga belli bir sesi aýdyp bilmese öz wagtynda hünärmenlere dil düzediş mugallymlaryna  ýüz tutmaly.

Abdullaýewa Jennet

Seýtinazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet 

  Mugallymçylyk  Institutynyň pedagogika we  psihologiýa

                                                                                                kafedrasynyň mugallymy

                                         

2021-nji ýylyň iň meşhur aktýorlary we aktrisalary

 



ÝENE-DE OKAŇ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan...
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Ol Hytaýyň bu sebitiň...
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan "Amazon" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos futbol dünýäsine aralaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň metbugaty habar berýär. Metbugatyň habaryna görä, Italiýanyň Naples şäherinde kosmos bazasyny gurmak isleýän Bezos şol bir wagtda "Napoli" toparyny hem satyn almagy meýilleşdirýär. "Napoli" topary De Laurentisden Jeff Bezosa geçmeigne garaşylýar. Kino prodýuseri Aurelio de Laurentis "Napoli" topary bilen bir hatarda Italiýanyň aşaky...
Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berlen onlaýn...
Dünýäniň iň baý tehnologiýa milliarderleriniň umumy baýlygy 2022-nji ýylyň başyndan bäri 85,7 milliard dollar azaldy. Ilon Mask, Jeff Bezos, Bill Geýts, Larri Page we Mark Zukerbergiň baýlygynyň azalmagy; inflýasiýa we göterim derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Ine, dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygynda ýitirilen milliardlarça dollar... Dünýädäki iň baý bäş adamyň baýlygy, geçen hepdäniň bazaryndaky satuwdan soň uly täsir galdyrdy. 2022-nji...

Iň täze habarlar