TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Mekdebe çenli çagalyk döwründe çaganyň ösüşi, kemala gelşi

Mekdebe çenli çagalaryň işiniň çylşyrymlaşmagy bilen ilkinji nobatda onuň ünsi durgunlaşýar; 3-4 ýaşly çagalar bir oýny 0,5 sagatdan gowrak oýnasalar, 5-6 ýaşlylar 1,5 sagada çenli oýnap bilýärler, 6 ýaşlylar özünde ygtyýarly ünsi ösdürýärler we terbiýeleýärler. Ygtyýarly ünsüň ösmeginde sözleýşiň roly uludyr; sözleýiş ygtyýarly ünsi dolandyrýar. Mekdebe çenli ýaşly çaganyň ýady, esasan, ygtyýarsyzdyr, ol haýsydyr bir zady ýada ornaşdyrmagy ýörite maksat hökmünde goýmaýar. Üns nämä gönükdirilen bolsa, näme gyzykly we güýçli täsir galdyrsa,

şolar hem oňat ýadynda galýar. Ygtyýarsyz ýat kabul ediş we pikirlenmäniň täsirinde ösýär. Ygtyýarly ýat çaganyň 5-6 ýaşlarynda rolly oýunlary oýnamagynda ösýär, ol oýnamak üçin öz roluny, borçlaryny, hukuklaryny ýadynda saklamaly bolýar. Çaga ilki ýada ornaşdyrmak, ýatda saklamak, soňra onuň mazmunyny gaýtadan dikeltmek meselesini çözýär. Umuman, bu ýaş döwründe ygtyýarsyz ýat ygtyýarlyda agdyklyk edýär.

Mekdebe çenli döwürde çaga öz tejribesini saýhallamakda kabul edişiň we pikirlenmäniň tärlerini ele alýar, hyýaly ösýär, erkli üns we manyly ýat (diňe mazmuny ýat beklemekden tapawutlylykda) kemala gelýär. Üç ýaşdan ýedi ýaşa çenli wagtda görüş, eşidiş, deri-hereket duýgularynyň bosagalarynyň köp derejede kiçelýänligi anyklanylandyr. Görşüň ýitiligi artýar, reňkler inçeden saýgarylýar, fonematiki we beýleki ses eşidişi ösýär, el syzyş duýgusynyň işjeň synasyna

(organyna) öwrülýär. Ýöne şeýle üýtgeşmeler öz-özünden bolmaýar. Olar çaganyň zatlaryň we hadysalaryň köp taraplylygyny we gatnaşyklaryny kabul etmegiň täze hilini özleşdirmeginden gelip çykýar. Görüşde formany (görnüşi), ululygy, reňki kabul edişiň ösmeginde – applikasiýa (plastilindir palçykdan zat ýelmemek- ýasamak), surat çekmek, konstrurirlemek uly orun eýeleýär. Syzyş kabul edişi ýasamak, el zähmetinde, fonematiki eşidiş – sesli aragatnaşykda, ses beýikligini seljeriş bolsa saz sapaklaryndan ösýär.

 

“WhatsApp” kriptowalýuta tölegini barlaýar

 

Ýene-de okaň

Oktýabr aýy: Türkmenistan-Türkiýe aralygynda 30 uçar gatnawy

Stambulda Biometrik pasportlaryň möhletiniň uzadylmagy dowam edýärmi?

Baş Redaktor

Lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Teswirle