TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

«Mekan» türkmen talyplary üçin gezelenç gurady

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde 2003-nji ýylda döredilen Türkmen medeniýetiniň «Mekan» jemgyýeti her ýylky däbine eýerip, şäherde okaýan türkmenistanly talyplar üçin gezelençleri guraýar. Şu gezekki gezelenç hem şäheriň we onuň töwerekleriniň gözel ýerlerine boldy.

Newa derýasynyň boýundaky şäherde okaýan türkmen talyplary gadymy köklerini saklap galan medeni we binagärlik aýratynlyklaryny hezil edip synladylar. Jemgyýet şeýle gezelençleri şu aýda-da guramagy maksat edinýär.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmen medeniýetiniň «Mekan» jemgyýeti Sankt-Peterburg şäherinde milli gymmatlyklarymyzy wagyz edýär. Şol sanda hem şäherde okaýan türkmenistanly talyplary goldap durýar. Ol Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hem wekilhanalarynyň biri hökmünde hereket edýär. Eýranly türkmen, «Zenidiň» ýyldyzy Serdar Azmun hem bu jemgyýetiň agzasydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri oktýabr aýynda duşuşarlar

BMG-niň Baş Sekretary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy

Teswirle