SIZDEN GELENLER

“Mejnun” goşgular toplumy

Mejnun

Kerwen- kerwen ýyllar bilen datlanyp,

Çekip barýaň, olaň ýüpünden ,Mejnun!

Dabanyň aşagy çägä bişipdir,

Nämä dymýaň, eliň ýüzüňde, Meznun?

Guýylar gurapdyr,

Peşmekler haly,

Sähranyň säherki düzünde , Mejnun!

Üstbentleň monjugyn ahmyrly ýeller,

Gelip, alow alyp, üzende , Mejnun!

Öwrümlerni üýtgedipdir, ýodalar,

Garry horaz daň saz süzende , Mejnun!

Obanyň çetinden geçip barýarsyň,

Bir säher aglaplar doglan hem bolsaň,

Kesarkajyň kämil düzünde ,Mejnun!

Kerweniň şalynda ahym galypdyr,

Tütün saçlar däldi, gözüňde , Mejnun!

Bir hasratyň bardy, gören bilerdi,

Ýüregiň töründe, özüňde, Mejnun!

 

Ýol boldy, ýoldaşyň, ýassyk- suw kädi,

Hyrkaňa dolandyň, güneş batanda…

Seň üçin geň hem däl, ýalynly çöller,

Gapdalyňda şam-u marlar ýatandyr…

Leýliň sudury bar,

Göreçleriňde,

Başga zatlar sygmaz, gözüňde Mejnun!

Daňyň bili garlawaçlaň ganatyn,

Gyrkyp duran wagty hezildi Mejnun!

 

Ýyllar kerwendenem ozdular käte,

Gaýmakly gürrüňe ezeňde , Mejnun!

Sahnada Epeýler gezdiler käte,

Gözleriňi göge süzeňde ,Mejnun!

Sen ýazýarmyň, men ýazýarmym, bilmedim,

Sözler baş egýärdi, öňüňde , Mejnun!

Ýusubyň ejiri, Ýakubyň dini,

Bir hasabam däldi, teniňde , Mejnun!

 

Ýörän başlangyjyň,baran duralgaň,

Ynsana suw berdi, lebiňde , Mejnun!

Men bir kiçi şaýat seniň ýoluňda

Üfleseň, eglenmen, demiňde Mejnun!

Sözlermiň monjugy döküler gülseň,

Dür tapsam ýygnadym, sözüňde Mejnun!

Bir zaman dyz çöksem,

Bir zaman dursam,

Bir zaman gygyrsam, sesim ýetenden

Agladyp goýmawer, yzyňda Mejnun!

***

Peýzaj

 

Aý kesilen dyrnak ýaly, egrelip, täze dogupdy,

Gije ýyldyzlaň sapagy elindedi, bugdaýlygyň.

Senem, menem gedemlikden doňňara daşa dönüpdik,

Aýrylanlaň şaýady deý, doňup galdy bugdaýlaram.

 

Nesim ýeller öser- ösmez, salkyndy ýogsa  howa- da,

Sejda iýnen agaçlaram, egrelip galdy, sowalda.

Menmi, sen? Bu aýralygyň ýüpünden hiç goýbermedik,

Soňsuzlygyň serhedinde eglenmedik, eglenmedik.

 

Gaýtdyk şonda gara gije ikä böldük- de meýdany.

Nika toýunda aňk bolan, adamlar ýaly bugdaýlar…

Ýogsa ýel öser- ösmezde, salkynjakdy ýa howa- da…

Galyp bilmän sejdesinden, agaçlar galdy, sowalda.

 

Asman ýüpünden aslyşan ýyldyzlaň peträn gözünde,

Aýralyk nepes durlady, yşk sesi geldi gyrlara.

Iki göwräň sowalyny çözüp bilmän egrelen dek,

Aýam hut meňzeşdi şonda, kesilen inçe dyrnaga.

****

Eý nurly Gün!

 Eý nurly gün, eý äpet gün,janly gün,

Şölelerňi seçip, seçekme- seçek.

Sabyrsyz mamam deý bimekanly gün,

Şanly ahwallary barýarsyň geçip,

Hallaryň niçik,

Hallaryň niçik?

Sen bu gün nämeleň yşgyna düşdüň?

Nämä damar bolar seniň hallaryň,

Eý äpet Gün, eý nurly gün ömürsiz,

Ömür sürýän ýeke özüň dälmi ýa,

Öňküden azajyk özgerip keşbiň,

Hany dur göreýin, garran ýaly- la…

Aýý ýok, seriň tämiz, saçlaryň tow- tow,

Bulutlardan geýmänsiň sen başgaby,

Meniň mamam ýaly mähribansyň sen,

Täk başyňa söýüp bilmän başgany,

Bu pany dünýeden geçip barýanlaň,

Sanawyny şöläň bilen sanaýaň,

Eý nurly Gün, eý äpet Gün, syrly Gün!

Aýtman syrymyzy nämä gynaýaň?

Geçip barýas sahna ýaly öňüňden,

Tellerimiz daňylypdyr nesile,

Eý äpet Gün, öz perzendiň saýdyň- ä,

Öz perzendiň duwlaýaň sen kesege!

Soň hem diýdirýärsiň: “Çöpi gutaryp,

Atylypdyr baka, baky nesibe”

Eý nurly Gün, eý äpet Gün, syrly Gün!

Özüň galyp, ugradyp sen ynsany,

Neçüýn beýle kasdyň galypdyr bizde?

Ýokmy seniň birazajyk ynsabyň?

Eý nurly Gün, enem ýaly garry Gün!

Ýa hut senem arly gije çümüp bir,

Älem gurluşyndan mahsun, arly Gün!

Ýa saňa- da ýazylypmy ykbalyň?

 

     

      OGULJENNET BÄŞIMOWA

 

Türkiýedäki talyp haklary barada bildiriş

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz

Magtymguly Pyragy – beýik milli şahyrymyz

Ylmyň netijesi – terbiýedir