TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Mejlisiň deputatlary üçin täze jaý açyldy

Şu gün, 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, toýlaryň toýlara ulaşýan gününde halkymyz üçin ýene bir şatlykly waka boldy. Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda gurlan 9 gatly 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçildi.

Bu taryhy toýa Gahryman Arkadagymyz gatnaşyp, gutlag sözi bilen çykyş etdi hem-de täze jaýyň toý bagyny kesip, ony dabaraly ýagdaýda açyp berdi.

Milli Liderimiz täze jaýdan paýly bolan bagtly ildeşlerimizi gutlady. Şeýle-de dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-wenger gepleşikleri: ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkiýäniň Merkezi bankynyň ilkinji zenan ýolbaşçysy

Türkmenistan bilen Wengriýa bilelikde derman serişdelerini öndürmek isleýär

Ata Watan Eserleri

Teswirle