TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Medine Amanowa – dünýä çempiony

Albaniýanyň Durres şäherinde dowam edýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky Dünýä çempionatynda türkmen türgenleri ýene bir altyn medal gazanmagy başardy. 59 kg agramda çykyş eden Medine Amanowa münberiň iň ýokary basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldi.

16 ýaşly türgen gyzymyz birbada götermekde 90 kg agramy galdyryp, ekwadorly Jessika Palasiosdan hem-de albaniýaly Enkileda Karžadan öňe saýlandy.

Itekläp götermekde-de 109 kg agramy galdyran Medine Amanowa ekwadorly türgenden bu ugurda-da 2 kg köp göterdi.

Umumylykda 199 kg agramy galdyran Medine Amanowa 2-nji ýeri eýelän Palasiosdan 4 kg artyk görkeziji bilen altyn medala mynasyp boldy.

Şeýle hem bu çempionatda ozal hem türkmen türgenleri 1 altyn we 1 kümüş medal gazandylar. Ogulşat Amanowa altyn medal, Perhat Bahtiýarow kümüş medal gazanmagy başardy.

 

Türkmen ýaş türgeni altyn medal gazandy

Türkmen türgeni wise-çempion boldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndysyny taryhy ýeňiş bilen utdy

Bellingem “Real” toparyna geçdi

43 ýyldan soňra kubok gazandy

Teswirle