TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Medeniýetiň we edebiýatyň ägirtleri elektron gollanmada jemlenýär

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda bilim ulgamyndaky özgertmeler esasynda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kadaly ösmegi, bilimiň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly maksatnamalaýyn işleriň gerimini has-da giňeldýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen bilim ulgamynda innowasiýalary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä tejribesiniň sanly gazananlaryna esaslanýar. Bilim berlişiň hiline aýratyn üns berlip, tehnologiýa täzeliklerini, bu ugurdaky oňyn tejribeleri mekdeplere giňden ornaşdyrmak tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

Sebäbi ylym-bilim ähli ösüşleriň we özgertmeliň özenini düzýär. Hut şol sebäpli hem, Gahryman Arkadagymyz beýik geljegimiziň hatyrasyna ylymly-bilimli,  ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek, olaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen Diýarymyzda okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, dynç alyş merkezlerini we dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalary gurduryp, ulanmaga berýär.

Bilim ulgamy innowasiýa tehnologiýalary bilen üpjün etmegiň güýçlenen häzirki döwründe onuň maglumat gorlaryny baýlaşdyrmaga-da giň mümkinçilikler döredilýär. Elektron göterijilerde taýýarlanýan okuw kitaplarynyň, bilim bermek maksadyndan ugur alýan goşmaça edebiýatlaryň, çeper eserleriň sany artýar. Döwrebap mümkinçilikleriň we şertleriň ýokarlanmagy häzirki zaman bilim ulgamynda geçilýän okuw sapaklaryndan edilýän talaplara-da täsir edýär. Bu ýokary talap edebiýat sapaklaryna degişlilikde hem möhümdir.

Hormatly  Prezidentimiziň bimöçber aladasyna jogap edip,  ýaşlar hem täze tehnologiýalar esasynda programmalary taýýarlap olary bäsleşiklere hödürleýärler.  Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçylary Şaperi Janyýewa bilen Sähragül Onjaýewa şol mekdebiň türkmen dili edebiýat mugallymy Gülälek Söýeşowanyň ýolbaşçylygynda bu ýylky taslama-döredijilik bäsleşigine  dilçileri, edebiýatçylary, ýazyjylary, şahyrlary bir ýere jemläp, elektron görnüşde maglumat gollanmasyny taýýarlaýarlar. Bu gollanma kitap görnüşinde şeýle hem kompýuterler hem-de ykjam telefonlar üçin mobil goşundysyny görnüşini taýýarlap, taýýarlan işleriniň elýeterli bolmagyny gazanýarlar. Bu taýýarlanan işleri ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde giňden ulanylyp, edebiýat bilen gyzyklanýan adamlar peýdalanyp bilerler.

Kompýuterler üçin goşundy harplara görä bölünen, islendik harpa basylanda şol harp bilen başlaýan şahsyýetlerimiz hakda maglumat çykýar.

Okuwçylaryň bu taslamasy hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” ugur alnyp taýýarlanan taslamadyr.

Ýaşlara öwrenmäge, döretmäge mümkinçilik berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Täzegül Onjaýewa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň  talyby.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle