No menu items!
23/09/2020 13:51
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistanda Wirtual muzeý işi ýola goýulýar

Türkmenistanda Wirtual muzeý işi ýola goýulýar

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda wirtual syýahaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Muzeý gymmatlyklarynyň bir bitewi elektron binýady, şeýle ýurdumyzyň iri muzeýleriniň resmi internet saýtlary döredildi. Häzirki wagtda internet arkaly elektron petekleri satmak hyzmatlary ýola goýulýar.

Döwlet Medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň 2 sergi zalynda wirtual muzeý taslamasynyň ilkinji wideo görnüşleri taýýarlandy we synagdan geçirildi. Ol dünýä tejribesini öwrenmek arkaly ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlandy.

Wirtual muzeý taslamasyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda işe goýbermek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý medeni mirasyny wagyz etmekde sanly tehnologiýalaryň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

2024-nji ýylda 2 sany kosmonawt Aýa iberiler

NASA-nyň habar bermegine görä, täze “Artemis” taslamasy taýýarlandy. Taslamanyň çäklerinde 2024-nji ýylda erkek we aýal kosmonawtyň (jemi 2 sany) Aýa iberiljekdigi habar berildi. NASA-nyň...

Taryhda şu gün – 23-nji sentýabr

23-nji sentýabr ýylyň 266-njy güni. Geliň, taryhda 23-nji sentýabrda bolup geçen taryhy wakalar, dünýä inen adamlar we aradan çykanlar bilen gysgaça tanyş bolalyň. Taryhy wakalar: 1908...

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Forrest Gump” romanynyň awtory aradan çykdy

“Forrest Gump” romanynyň awtory Winston Groomyň 77 ýaşynda aradan çykandygy habar berilýär. Awtoryň romany esasynda şol bir at bilen surata düşürilen “Forrest Gump” filmi 1994-nji...

Liriki oýlanma

Gyz kalby... Sen şeýle bir näzik, şeýle bir eziz. Seniň syrlaryň umman ýaly giňdir. Näme üçin gyz kalby şeýle bir syrly bolýar?  Näme üçin gyzlar...

Teleýaýlym bäsleşiginiň taryhy rekordy

Angliýada ýaýlyma berilýän “Kim millioner bolmak isleýär” atly bäsleşikde rekord goýan Donald Fear, berlen sowallara dogry jogap berip, 1 million funt-sterling pul baýragyny almagy...

Ýewropanyň iň beýik telediňi

Türkiýäniň täze teleýaýlym we radio diňi doly işe taýýardygy habar berildi.  Stambul şäheriniň iň beýik ýerlerinden biri bolan Çamlyk sebitinde täze diňiň işe başlamagyna...