27/11/2020 11:03
Home MEDENIÝET Skarlett Ingrid Ýohansson – aktrisa, aýdymçy

Skarlett Ingrid Ýohansson – aktrisa, aýdymçy

Köp sanly filmlerdäki keşbi bilen kino muşdaklarynyň söýgüsini gazanan amerikaly meşhur aktrisa Skarlett Ýohansson häzirki wagtda Golliwudyň iň köp hak tölenýän sungat işgärleriniň biridir.

Ýaşlyk ýyllary

Skarlett Ingrid Ýohansson – aktrisa, aýdymçy 1984-nji ýylyň 22-nji noýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde dogulýar. Aktrisanyň kakasynyň ady Karsten Ýohansson – arhitektor, ejesiniň ady Melani Sloun öý hojalykçy. Onuň dört sany erkek dogany we bir aýal dogany bar. Ýaşlyk döwründe Skarlett, Nýu-Ýork şäherindäki “Li Strasberg” aktýorçylyk mekdebine gatnaýar, emma bu ugry Los-Anjeles şäherinde doly tamamlaýar. 2002-nji ýylda Manhettan şäherindäki mekdebi tamamlaýar.

Kino karýerasy hakda

Aktrisa eýýäm 9 ýaşynda kino düşmäge başlaýar, 11 ýaşynda bolsa jübütleýin sahnalarda çykyş edip ugraýar. Özüniň ilkinji kino roluny “Nort” filminde ýerine ýetirýär. 1998-nji ýylda “Atlary jadylaýjy” filminde çykyş eden Skarlett, ABŞ-da ony meşhur aktrisa hökmünde tanap başlaýarlar. 2004-nji ýylda aktrisany Amerikanyň kinoakademiýasyna çagyrýarlar. 2010-njy ýylda “Demir adam 2” filminde oýnaýar we üstünlikli çykyş edenden soňra, 2012-nji ýylda “Ar alanlar” filminde hem çykyş edýär. Aktrisanyň ejesi Melani Sloan, kinosungatynda dolandyryjy bolup durýar.

Okap bilersiňiz  Zähmete minnetdarlyk güni

Şahsy durmuşy

Skarlett Ýohanssonyň Rous Doroti Doriak atly gyzjagazy bar. Öz şahsy durmuşy barada aktrisa habarçylara habar bermek islemeýändigi aýdyp geçdi. Ýöne 2017-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri ssenarist Kolin Jostom bilen duşuşýandyklary barada gürrüň edilýär.

Aktrisa barada gyzykly maglumatlar

Skarlett Ýohansson – dünýä belli Kalwin Kleýn atyr kompaniýasynyň ýüzi bolup durýar. 2006-njy ýylda “L’Oréal” kompaniýa bilen şertnama baglaşdy.

Okap bilersiňiz  Kemine teatry täze eseri sahnalaşdyrýar

2016-njy ýylda aktrisa, Genri Kawill bilen bilelikde “Huawei” kompaniýasynyň “Huawei P9” akylly telefonyny tanatmak üçin mahabat kompaniýasyna gatnaşdy.

Skarlett çepbekeý.

Onuň Meggi atly güjügi we Truper atly pişijegi bar.

Meşgur golliwud seýilgähinde ýyldyzjygy bar.

Boýy – 163 sm

Agramy – 57 kilogram

Ýyldyzy: Içýan

Gazanan üstünlikleri

2004-nji ýylyň “BAFTA” premiýasynyň laureaty “Iň gowy aktrisa”

2010-njy ýylyň “Toni” premiýasynyň laureaty “Iň gowy aktrisa”

2014-nji ýylda “Sezar” premiýasynyň ýeňijisi

2018-nji ýylyň 16-njy awgustynda “Forbes” žurnalynyň aktrisalaryň arasynda iň köp aýlyk tölenýän aktrisasy boldy. Bir ýylda 40,5 million dollar gazanmagy başardy.

2020-nji ýylda iki gezek “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi.

Okap bilersiňiz  Anjelina Joli kitap ýazýar

Aktrisanyň iň gowy filmleri

“Kapitan Marwel”

“Demir adam”

“Şef”

“Barselona”

“Atlary jadylaýjy”

 

Bulary okamak hem gyzykly!

Golliwudda yz galdyran aktrisa – Anželina Joli

Silwester Stallone: Rembo we Rokki Size seslenýär

Morgan Frimen – Golliwudyň iň hormatlanýan aktýory

Jeki Çan – aktýor we aýdymçy

Köp baýrakly tanymal aktýor

 

“Ganly Sport” filmi bilen adygan aktýor: Wan Damm

 

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Okap bilersiňiz  Golliwudyň meşhur zenan aktrisasy

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi.
Okap bilersiňiz  Zähmete minnetdarlyk güni
Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Bütindünýä çaga güni : Sanly maslahat

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary we uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalygy goramak, çagalaryň we ýaşlaryň saglygyny saklamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we...

Amyderýa Hazynasynyň Syry

Gözlegler  we  açyşlar Gadymy  Gündogaryň  taryhynda  aýratyn  orna  mynasyp  bolan  zergärçilik  sungatynyň  nepisligi, sünnäligi  bilen  tapawutlanan  nusgalary  adamzat  geçmişiniň  bütin  dowamynda  özüniň  kämillik  ýoluny  geçipdir....

Türkmenistan – Koreýa: hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisinde giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa...

Seýitjemaleddin ýadygärligindäki aždarhanyň keşbi

“Seýitjemaleddin Ýadygärlikler Toplumy” atly makalamyza dowam edýäris. Makalamyzyň ikinji bölüminde “Aždarha totemi: Seýitjemaleddin Ýadygärlikler Toplumy” barada durup geçipdik. Gadymy Gündogarda reptilýalara (ýylanlara) jada  gatnaşygy bolan...