30/11/2020 6:18
Home MEDENIÝET GDA-nyň çäklerinde medeni hyzmatdaşlyk ösdürilýär

GDA-nyň çäklerinde medeni hyzmatdaşlyk ösdürilýär

GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň ХХXV mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň Medeniýet ministri A.Şamyradow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda ýurtlaryň medeni alyş-çalyş hereketleriniň işjeňleşdirilmeginiň meseleleri, GDA gatnaşyjy-döwletleriň medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň 2016-2020-nji ýyllar üçin Esasy çärelerini durmuşa geçirmegiň depgini bilen birlikde, medeni özara hereketler ulgamyndaky beýleki derwaýys meseleleriň ençemesine seredildi.

Işjeň pikir alyşmalaryň barşynda ynsanperwerlik ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň özboluşly şerti bolup çykyş edýändigi aýratyn bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ynsanperwerlik ulgamyndaky integrasiýany hemmetaraplaýyn goldamak bilen, medeniýet ugry boýunça Arkalaşygyň çäklerinde medeni ulgamdaky özarahereketleriň baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary öňe sürýändigi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Şunlukda, 2019-njy ýylda Aşgabatda GDA-nyň Döredijilik intelligensiýasynyň forumy üstünlikli geçirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Arkalaşygyň çäklerinde 2021-nji ýylyň Binagärlik we gurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyç öňe sürüldi. Bu ýylyň çäklerinde köpsanly tematiki çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr.

 

Dünýä Sahypamyz

Okap bilersiňiz  Keýn «Tottenhem»-den gidip biler

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Okap bilersiňiz  Raýatlara 500 ýewro syýahatçylyk goldawy

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Okap bilersiňiz  Makalalaryňyz üçin biz bilen Habarlaşmak
Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Rus tennisçiniň uly ýeňşi

Tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) jemleýji ýaryşynda final duşuşygy geçirildi. Finalda awstriýaly Dominik Tim bilen russiýaly Daniil Medwedew garşylaşdylar. Umumy hasapda 4: 6, 7: 6...

Türkmenistanda täze çäklendirmeler

Öň girizilen çäklendiriji çäreleriň oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäde dowam edýän çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly Türkmenistanyň çägine ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni...

 Täze binalaryň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak bo­ýun­ça bäs­le­şik

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Gö­rog­ly kö­çe­si­niň ug­run­da ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň bi­na­la­ry­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak bo­ýun­ça
Okap bilersiňiz  6-njy iýun rus diliniň güni
BÄS­LE­ŞIK   yg­lan ed­ýär Gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň ha­ýyş­na­ma­la­ry...

Ýewropa futbolyna syn… Mourinýo Gwardiolany ýeňdi

Geçen hepde geçirilen öňdebaryjy futbol çempionatlaryň futbol duşuşyklary we olaryň netijeleri bilen ýurdumyzyň futbol janköýerlerini tanyşdyrmagy makul bildik. Angliýanyň Premýer ligasynda gyzykly duşuşyklaryň netijeleri: “Tottenhem 2:0...