30/10/2020 12:25
Home MEDENIÝET BTS aýdym-saz topary suw markasyny satuwa çykardy

BTS aýdym-saz topary suw markasyny satuwa çykardy

Günorta Koreýanyň pop aýdym-saz topary BTS, şu güne çenli köp sanly marka bilen hyzmatdaşlyk etdi we dürli-dürli aksesuarlardan oýunjaklara çenli birnäçe önüm öndürdi. Bu gezek bolsa, K-pop topary BTS markaly çüýşeli suw çykardy.

Topar täze önümini “Twitter” jemgyýetçilik torunda ýerleşdiren wideosy bilen muşdaklaryna mälim etdi.

Suw çüýşelerinde her bir BTS agzasyny görkezýän çyzgylar hem ýerleşdirildi. Çüýşeli suw şu günden başlap “BTS-iň Weverse” söwda saýtynda elýeterli bolar.

Bilşimiz ýaly, BTS-iň dünýäde millionlarça muşdaklary bar, ýöne ýörite suw çüýşeleri her ýurtda elýeterli bolup bilmezligi ähtimaldyr. Çüýşeler diňe Günorta Koreýanyň içinde elýeterli bolar.

Geçen aý Günorta Koreýanyň biržalarynyň birinde gymmatyny iki esse artdyran meşhur K-pop toparynyň BTS-iň ýedi agzasynyň hem resmi taýdan multimillioner hökmünde yglan edildi. Bu, “Big Hit Entertainment” kompaniýasynyň Günorta Koreýanyň soňky üç ýylda birža sanawyndaky iň uly üstünligi bolandygyny mälim etdi.

Kompaniýanyň paýnamalary köpelip, onuň gymmaty 4,1 milliard dollar ýokarlandyrandygy mälim edildi.

DÜNÝÄNIŇ IŇ GOWY AÝDYM-SAZ TOPARY

BTS topary 2015-nji ýylda Koreýanyň aýdym-saz sergisi bolan SBS MTV Show-da ilkinji ýeňşini gazandy. Şol döwürde hiç kim bu toparyň Billboardda 1-nji bolmagyna we bary-ýogy üç ýyldan soň beýleki köp sanly dünýä belli aýdym-saz sanawyna girjekdigine garaşmandy. BTS topary gysga wagtda dünýädäki iň meşhur toparyň birine öwrüldi.

Okap bilersiňiz  Halkara kino festiwalyna hödürlenen filmler
Okap bilersiňiz  Ertir Halkara Ýaşulular güni

REKORDLAR YZLY-YZYNA

Hemmä mälim bolşy ýaly, bu topar “Youtube”-da täze “Dynamite” wideoşekilli aýdymy bilen hem  rekord goýupdy. Ýarym sagadyň dowamynda 12 million tomaşaçy gazanyp, açylyş rekordyny täzelän klip, ilkinji 24 sagadyň dowamynda 100 milliondan geçip, 101,1 million tomaşaçy bilen rekordyny täzeledi.

BTS  ‘BE’ (Deluxe Edition) atly täze albomyny çykarar. Muşdaklary 20-nji noýabrda çykjak täze alboma eýýämden uly tolgunma bilen garaşýarlar.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Okap bilersiňiz  Halkara kino festiwalyna hödürlenen filmler

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Küştdepdi türki dilli ýurtlary birleşdirýär

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, noýabr aýynda türki dilli ýurtlaryň kompozitorlarynyň we sazşynaslarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly döredilik duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Okap bilersiňiz  Dünýäniň iň garry agajy
Mundan...

Matwiýenko Türkmenistanyň iki palataly ulgamyna ýokary baha berdi

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-russiýa parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm...

Gurşun zäherlenmesiniň öňüni alyş halkara hepdeligi

2020-nji ýylyň 25-31-nji oktýabry gurşun zäherlenmesiniň öňüni alyş halkara hepdeligii bellenilip geçilýär. Bu barada ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň sosial mediýa torunda hem bellenilip geçilýär. Gurşun adam...

Milli Liderimiz türk işewüri Erman Ylyjagy kabul etti

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabatda “Diwan” myhmanhanasynyň gurluşygyny alyp baran “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Erman Ylyjagy kabul etdi. Türk işewüri kompaniýasyna bildiriýän ynam üçin tüýs...