28/01/2021 10:13
Home MEDENIÝET Aýdym-saz sungatynyň esasy çäresi yza süýşürildi

Aýdym-saz sungatynyň esasy çäresi yza süýşürildi

31-nji ýanwarda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los-Anželes şäherinde geçirilmegine garaşylýan “Gremmi” baýragynyň baýrak gowşurylyş dabarasy koronawirus ýokançynyň köpelmegi sebäpli yza süýşürildi diýip, “Rolling stone” aýdym-saz web saýty habar berýär. Ýakyn wagtda dabaranyň geçiriljek senesi resmi taýdan yglan ediler.

“Gremmi” baýragynyň guramaçasy we “Recording Academy” guramasynyň ýolbaşçysy Harwi Meýson noýabr aýynda dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde bu çäräniň az sanly tomaşaçy üçin meýilleşdirilendigini, ýöne başga-da köp jikme-jiklikleriň üstünde işleýändigini aýdyp geçdi. Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri baýrak gowşurylyş dabarasy mart aýynda geçiriljekdigini barada habar berýär.

Amerikanyň ýyldyz aýdymçysy Beýonse 63-nji “Gremmi” baýragyna 9 kategoriýada dalaşgär görkezildi. Şeýlelik bilen Beýonse, “Gremmi” baýragynyň taryhynda iň köp dalaşgär görkezilen sungat işgäri boldy.  Dünýä belli aýdymçylar Teýlor Swift, Roddi Riç we Dua Lipa umumulykda 6 kategoriýada dalaşgär görkezildi.

2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli “MTV Video Music Awards”, “Latin Grammys” we “Emmy Awards” ýaly baýraklaryň gowşurylyş dabaralary onlaýn arkaly ýa-da çäkli adamlaryň gatnaşmagynda geçirilendigini ýatladýarys.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Okap bilersiňiz  COVID-19 pandemiýasy döwründe durnukly ykdysady ösüş

Okap bilersiňiz  Özbegistanyň medeniýet ministrine «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýlen hormatly at dakyldy

IŇ TÄZE HABARLAR

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...

Iň köp isleg bildirilen kabelsiz gulaklyk

2020-nji ýylda “Bluetooth-gulaklygynyň” ähli görnüşleriniň jemi 300 million sanysy satyldy diýip, “Strategy Analytics” kompaniýasy maglumat berýär. Geçen ýylda kabelsiz gulaklyklaryň arasynda “TWS” gulaklygyna uly...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýaragly güýçler – asudalygyň we parahaçylygyň kepili

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ata Watanymyzda Watan goragçylarynyň güni uludan tutulýar. Bu baýram döwletimiziň Garaşsyzlygyny,...

Noýeriň rekordy

Germaniýanyň “Bawariýa” futbol toparynyň dünýä belli derwezebany Manuel Noýer, golsyz geçiren oýunlarynyň sany bilen meşhur derwezeçi Oliwer Kany geçip, “Bundesliga” çempionatynyň rekordyny täzelemegi başardy. ...

Wengriýa Ýewropada rus sanjymyny ilkinji tassyklan ýurt

Wengriýanyň Milli mejlisiniň agzasy Gergeý Guýaş, Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyna wagtlaýyn rugsat berlendigini we “AstraZeneca” sanjymyny tassyklandyklaryny habar berdi. Şeýlelikde, bu ýurt Ýewropada Russiýanyň...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...