DÜNÝÄ

Mebel ösdürip-ýetişdirýärler

Ýalňyş okamadyňyz. Olar ençeme düýp daragty kesip mebel ýasanok-da, hut, mebeli ösüdürip ýetişdirýärler. Gürrüň Angliýanyň Midlend şäheriniň ýaşaýjylary Gawin we Elis Munrolar barada barýar. Olar iki gektar ýerde mebel daragtlaryny ösdürip ýetişdirýärler. Önümçilik kärhanasyny ýatladyp duran bagda 250 oturgyç we 50 sany stol ösdürilip ýetişdirilýär. Biz sözlemi «we ş.m.» diýip jemläliň, çünki bu bagda ösüp ýetişýän başga-da mebeller bar.

― Bir daragtyň ösüp ýetişmegi üçin 50 ýyl wagt gerek. Ony asla gyýylman bir mebel üçin kesýäris. Ýöne mebeliň özüni ösdürip-ýetişdirip hem boljak ahyry ― diýip, Gawin öz işi barada gürrüň berýär. Aýtmagyna görä, ol heniz gögele oglanjykka kreslo çalymdaş ösümligi görüpdir. Şol ösümlik hem oňa täsir edip, bu işi öz eli bilen dowam etdirmegi karar edinipdir.

Şeýlelikde, ol mundan 13 ýyl ozal ― 2006-njy ýylda işe girişdi. 2012-nji ýylda bolsa aýaly Elis bilen «Full Grow» kompaniýasyny esaslandyrdy. Kompaniýa ösüp-ýetişýän mebelleriň söwdasy bilen meşgullanýar.

Ýöne iş ýeňil däl. Bir oturgyjyň ösüp-ýetişmegi üçin 9 ýyla çenli, ony guratmak üçin hem 1 ýyla çenli wagt gerek. Diýmek, häzir eden sargydyňyz 2030-njy ýylda taýýar boljak. Muňa garamazdan, Munrolar sargytlara ýetişip hem bilenok.

Ýene-de okaň

Namibiýanyň ilkinji zenan prezidenti

Italiýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary

Gresiýa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşurdy

Dünýäde adamlara dakylýan iň meşhur 10 adam ady: Makul Intellekt habar berýär!

Belarus Türkmenistana täze ilçi belledi

Özbegistan bilen Hytaýyň arasynda wizasyz döwür başlandy