TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Mbappe “Real Madridde” ýaly

Ispaniýanyň metbugaty Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň ökde fransuz futbolçysy Kilian Mbappeniň “Real Madrid” toparyna geçjekdigini mälim edýär.

MESSI-NEÝMAR-MBAPPE…

Futbol janköýerleri Fransiýanyň “PSŽ” toparynda Messi-Neýmar-Mbappe üçlüsini görmegi arzuw edýärdi. Emma bu başa barmajak ýaly bolup dur. Mbappeniň eýýäm topar ýoldaşlary bilen hoşlaşyp, “Real Madrid” toparynda ýoluna dowam etjekdigi aýdylýar.

Ozal bilşimiz ýaly, “Barselona” toparynda janköýerler Messi-Neýmar-Suarez üçlüsiniň futbolyndan uly keýp alyp, futbolyň lezzetini duýupdylar. Şeýle üçlüni “PSŽ” toparynda hem bolar öýüdülýärdi. Messiniň bu topara geçmegi bilen Neýmar we Mbappe üçlüsiniň futbol meýdançasyndaky gazanjak üstünlikleri janköýerleri sabyrsyzlandyrýardy.

MBAPPE “PSŽ”-NIŇ TEKLIBINI ÝÜZ ÖWÜRDI

Mbappe häzirki çykyş edýän “PSŽ” toparynyň 5+1 ýyllyk şertnamasynyň möhletini uzaltmak baradaky teklibini ýüz öwrüp, “Real Madrid” topary bilen gepleşikleri geçirmek kararyna geldi.

180 MILLION ÝEWRO GEPLEŞIKLERIŇ GAPYSYNY AÇDY

“PSŽ” topary “Real”-yň ilkibaşdaky 160 million ýewrolyk teklibinden ýüz öwürdi. Soňra bu teklibe 10 million ýewro goşuldy, oňa-da razyçylyk berilmedi. Goşmaça ýene-de 10 million üstüne goşulmagy bilen gepleşikler täzeden başlady.

Şu gün Mbappeniň “Real Madrid” topary üçin Ispaniýa gidip, resminamalara gol çekip, nobatdaky duşuşyklaryna taýýarlanmaga başlar.

 

27-nji awgustdaky howa maglumaty

 

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle