SPORT

Mbappe “Real Madrid” toparynyň futbolçysy boldy

Fransuz ýyldyz Kilian Mbappe resmi taýdan Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň futbolçysy boldy. Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi ispan topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada ispan toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

Şertnama 5 ýyl möhlet bilen baglaşyldy. Mbappeniň aýlyk haky 15 million ýewro bolar, şeýle hem fransuz futbolçy gol çekişendigi üçin goşmaça 100 million ýewro alar.

– Arzuw hakykata öwrüldi. Men arzuw edýän toparymyň düzümine goşulandygym üçin örän bagtly we buýsançly. Meniň başdan geçirýän duýgularymy hiç him düşünip bilmeýär. Madridliler bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn – diýip, Mbappe jemgyýetçilik torunda habar berdi.

25 ýaşyndaky Mbappe Fransiýanyň meşhur “PSŽ” toparynda oýnady. Ol bu topar bilen 5 gezek Fransiýanyň çempiony we birnäçe kuboklaryň eýesi boldy. Ol fransuz toparda 308 duşuşykda oýnap, 256 gol geçirdi.

Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan Mbappe 77 duşuşykda 46 gol geçirdi. Mbappe 2018-nji ýylda Russiýada we 2022-nji ýylda Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatlarynda Fransiýanyň düzüminde çykyş etdi.

Onuň mundan soňra futbol durmuşyny dowam etdirjek topary bolan “Real Madrid” dünýäniň iň güýçli toparydyr. Ol şu möwsümde Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanyp, bu kubogy 15 gezke gazanan ilkinji topardyr. Şeýle hem şa kluby Ispaniýanyň çempionatynda 36 gezek çempion boldy. 20 gezek Ispaniýanyň kubogyny we 13 gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

“Real Madrid” – dünýäniň iň gymmat topary

Ýamalyň goly Ýewropa çempionatynyň iň owadan goly boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawy 16-njy awgustda başlanar

Mbappe: men bagtly oglan, “Realda” oýnamak arzuwym hasyl boldy

Ata Watan Eserleri

Garet Sautgeýt Angliýanyň tälimçisi wezipesinden gitdi

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri