TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Mbappe 30 ýyldan soňra Fransiýanyň çempionatyndaky rekordy täzeledi

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe Fransiýanyň futbol çempionatynyň rekordyny täzeledi. Ol çempionatyň 3-nji tapgyrynda “Lill” topary bilen geçirilen duşuşykda 8-nji sekuntda tapawutlanmagy başardy.

Şeýlelikde, Mbappe 30 ýyldan soňra, ýagny 1992-nji ýylyň 15-nji fewralynda Mişel Rio degişli rekordy täzeledi. Mişel Rio şol döwürde “Kan” toparynyň düzüminde çykyş edip, duşuşygyň 8-nji sekuntynda tapawutlanypdy.

Mbappe 30 ýyldan soňra “Lill” topary bilen geçirilen duşuşykda tapawutlandy. Duşuşykda eminiň jürlewüginiň çalynmagy bilen Lionel Messi pökgüni Mbappe geçirdi we ol hem pökgüni derwezä gönükdirdi. bu gol Fransiýanyň çempionatynyň iň çalt geçirilen gollarynyň biri boldy.

“PSŽ” topary bu duşuşykda “Lill” toparyny 7:1 hasabynda utdy. “PSŽ” toparynda Mbappe 3 gezek, Neýmar 2 gezek, Messi we Hakimi 1 gezek tapawutlandy.

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle