TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

«MB» zenan aýakgaplaryny hem öndürip başlady

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti her günde erkek kişiler, kiçi we uly ýaşly çagalar üçin niýetlenen dürli aýakgaplaryň 200-den gowragyny öndürýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hojalyk jemgyýeti aýakgap önümçiligini Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Ýe­ňiş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Aksuw deri» hojalyk jemgyýeti bilen özara şertnama esasynda alyp barýar.

Hojalyk jemgyýetiniň Aşgabatda ýerleşýän önümhanasynda 120-ä golaý hünärmen zähmet çekýär. «MB» haryt nyşanly aýakgaplar görnüşleriniň dürli-dürlüligi we möwsümleýinligi bilen, şeýle-de harytlyk görnüşi boýunça tapawutlanýar.

Indi önümhana zenanlar üçin aýakgaplary öndürmäge niýetlenen enjamlar hem ornaşdyryldy. Olarda zenanlar üçin owadan, göze gelüwli we ýakymly aýakgaplaryň dürli görnüşleriniň öndürilip başlanmagy, hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň täzeçillik esasynda iş alyp barýandyklarynyň ýene bir aýdyň güwäsidir.

Hojalyk jemgyýetinde söwda-satuw işleri onlaýn görnüşinde hem alnyp barylýar. 

Ýene-de okaň

Owganystan TOPH taslamasyny başlamaga taýýar

Ýewropa Bileleşiginden Merkezi Aziýanyň hususy pudagyna goldaw

Rus kompaniýalary Türkmenistanda bilelikdäki önümçilige gyzyklanma bildirýär

Teswirle