JEMGYÝET

Maýsa Pardaýewa dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty altyn medal gazandy

Şu günler Polşanyň paýtagty Warşowa şäherinde dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy hem gatnaşýar.

Bu halkara ýaryşa dünýäniň 39 döwletinden 464 türgen gatnaşýar. Türkmenistandan, Ukrianadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan güýçli türgenler gatnaşyp, baýrakly orunlar üçin bäsleşýärler.

Türkmenistandan gatnaşýan Maýsa Pardaýewa 57 kg agramda çykyş edip, altyn medalyň eýesi boldy. Ol bu iri sport ýaryşynda ispaniýaly, niderlandly hem-de fransiýaly bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy başardy.

57 kg agramdaky bäsleşikde Türkmenistandan Maýsa Pardaýewa altyn medal, Ispaniýadan Marta Martin Garsia kümüş, Şannon wan de Meeberg hem-de Fransiýadan Marta Fawaz bürünç medalyň eýesi boldular.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatyna täze prokuror bellendi

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar