TEHNOLOGIÝA

Maýda ilkinji elektrik welosipedler ABŞ-da peýda bolar

Indi ençeme wagt bäri elektrik skuterler bilen işleşip gelýän “Gogoro” kompaniýasy indi e-welosipedleri bilen meşgullanmagy meýilleşdirýär. Bu täze taslamanyň işi doly düzülip taýýarlanyldy. Ýene-de sanlyja günden, ýagny maý aýyndan bu kompaniýa özüniň elektrik welosiped hyzmatyny amerikan halkyna hödürlär. Indiki aýda dünýädäki ilkinji elektrik welosipedleri ABŞ-da peýda bolar. Olar ýörite batareýa zarýad bermek arkaly ulanylar.

“Gogoro” kompaniýasy 2015-nji ýylda ilkinji “Smartscooter” hyzmatynyň işe girizilmegi bilen uly täsir galdyrdy. Tehnologiki taýdan ösen skuter diňe bir ajaýyp görünmän, eýsem batareýany çalyşmak üçin innowasion abuna hyzmaty we gezelenjiňizi aňsatlaşmagyna mümkinçilik berýär.

Elektrik welosipedler jemgyýetçilik ulaglaryna garaşmazlyga, wagtyňy tygşytlamaga, howanyň arassa hal-da saklanmagyna ýardam eder. Mundan başga-da e-welosipedleriň birnäçe peýdaly taraplary hem bolar.

Ýene-de okaň

Hytaýda emeli aň bilen ilkinji multfilm taýýarlandy

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

Ata Watan Eserleri

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar

“iPhone” modelleri üçin mugt sport programmasy

Ata Watan Eserleri