JEMGYÝET

Maýa Kulyýewa “Makul Paýhas” krossword bäsleşiginiň ýeňijisi

Maýa Kulyýewa “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi tarapyndan geçirilen “Makul Paýhas” atly krossword bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu bäsleşik “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet sahypasy arkaly geçirildi.

Ilki bilen 2020-nji ýylyň 3-nji aprelinde “Makul Hyzmat” diýlip taýýarlanan krosswordyň soraglary ýerleşdirildi. Bäsleşigiň şertleri boýunça bu paýhas synagyna gatnaşmak isleýän okyjylarymyz elektron poçta arkaly makulpayhas@gmail.com elektron salgysyna jogaplaryny iberdiler. Şol jogaplaryň gelen wagtyna görä, “elektron hatlary”  krosswordy taýýarlan Baýgeldi Çaryýewiň gatnaşmagynda  döredijilik toparymyz tarapyndan seljerildi.

Bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan Maýa Kulyýewa atly okyjymyz 2 gezek jogap ugradypdyr. Şol jogaplarynyň ikisi hem saýtymyza ýerleşdirilen krosswordyň jogaplary bilen doly gabat gelýär. Ol 2-nji gezek iberen jogabynda 1-nji gezek iberen jogabyndan tapawutlylykda diňe IBM (International Business Machines) kompaniýasynyň adyny doly atlandyrypdyr. Şonuň netijesinde Maýa Kulyýewa bäsleşikde birinji orna mynasyp görüldi.

Şeýle hem bäsleşigimiziň ähli soraglaryny doly jogap bermegi başaran Muhammet Babaýewiň bolsa elektron hatynyň wagtynyň Maýa Kulyýewanyň wagtyndan yza galandygy sebäpli ikinji orna mynasyp bolandygyny bellemek isleýäris.

Şeýle hem biziň bu bäsleşigimize Saparnepes Atabaýew, Laçyn Atabaýewa, Aýgül Nurmyradowa, Kakajan Bäşimow, Kakamyrat Ýalkabow, Aknur Pahyýewa, Şyhsoltan Süleýmanowa, Ýagmyrguly Süleýmanow ýaly okyjylarymyz hem işjeň gatnaşdylar.

Ýene-de şeýle paýhas synagy bäsleşiklerimizi dowam etdirmegi göz öňünde tutýarys.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy

Mazenderan welaýatynyň Türkmenistana eskporty artdy

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy