TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Mawy yşyk” mekdebi açyk gapylar gününi geçirdi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebinde şu ýylky uçurumlar üçin “Açyk gapylar” güni geçirildi. Onda türkmen telewideniýesi bilen tanyşdyrýan ýörite wekiller sergi gurady. Sergide “Oguzhan” adyndaky türkmenfilm bileleşigi, Mahabat müdirligi, kinooperatorlar öz alyp barýan işleri dogrusynda sergä gatnaşyjylara gürrüň berdiler. Bellemek gerek, “Mawy yşyk” başlangyç hünär okuw mekdebinde “Sport synçysy” hünäri hem bar. Bu ugurda sport Žurnalistikasy barada bilim berilýär. Bu sebäpden hem ýurdumyzda hereket edýän “Türkmen sporty” gazeti hem sergide orun aldy. Onuň bilen birlikde “Biznes reklama” gazeti, “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnaly, “Makul hyzmat” terjime merkezi hem öz alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Sergä paýtagtymyzdaky orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň ýüzlerçesi gatnaşdy.

        

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle