TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Mawy bägül ýetişdirildi

Mawy bägül görüpmidiňiz? Gören dälsiňiz. Sebäbi ol mundan ozal ýokdy. Indi bolsa sizde (belki bizde-de) şeýle mümkinçilik bar.

Ýaponiýaly seçgiçiler mawy reňkli bägüli ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Şu habar bilen ugurdaş ýerleşdirilen suratda hem synlaýyşyňyz ýaly, onuň gözelligine-de söz ýok.

Munuň üçin alymlar gülleriň genetikasyny öwrendiler we käbir genler özgerdilip, mawy reňkli bägül alyndy. Aslynda, bu güller ilkinji gezek 2018-nji ýylda Tokioda geçirilen Ekspoda görkezildi.

Mawy bägüllere isleg ýokary. Şonuň üçin hem Ýaponiýanyň hökümeti olaryň ösdürilmegini has artdyrmak maksady bilen 3 milliard iýene barabar serişde goýberdi. Ýakyn geljekde Günüň dogýan ýurdunda ýetişdiriljek mawy bägüller bütin dünýä çykar.

Aslynda, ilkinji mawy bägülleriň satuwy şu güýzde meýilleşdirilýärdi. Kim bilip dur, bir gün size mawy bägül sowgat etseler, bu habary okanyňyzdan soň haýran galyp oturmagyň hajaty hem ýok.

Ýene-de okaň

Epos gürrüň berip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Merkezi Aziýa – Russiýa sammiti Astanada geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Teswirle