TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Matwiýenko: Russiýada Halk Maslahatynyň Başlygynyň resmi sapar bilen gelmegine garaşylýar

 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýanyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglanmagy bilen mähirli gutlap, şu mynasybetli Prezident Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlag sözlerini ýetirdi. Walentina Matwiýenko berk jan saglyk, uzak ömür hem-de işlerinde täze üstünlikleri gazanmagy baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklary öňe ilerletmekde Halk Maslahatynyň Başlygynyň uly goşandyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň ýokary ýolbaşçylaryna we halkyna salamyny hem-de bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagynyň berlendigi üçin Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu sylagy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň bilelikde geçen döredijilikli ýoluna berlen ýokary baha, şol ýoluň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Söhbetdeşler telefon arkaly gepleşigiň dowamynda häzir Türkmenistanyň we Russiýanyň öz aralarynda ikitaraplaýyn aragatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagy, oňa aýratyn ýakynlyk, depginli häsiýet bermegi göz öňünde tutýan çuňňur strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýandyklary kanagatlanma bilen nygtaldy.

Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň resmi sapar bilen gelmegine garaşylýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Teswirle