SIZDEN GELENLER

“Matematiki modelirlemek” dersi boýunça bäsleṣik geçirildi

2024-nji ýylyñ 12-nji fewralynda Türkmenistanyñ Daṣary iṣler ministrliginiñ Halkara gatnaṣyklary institutynda Türkmenistanyñ diplomatik iṣgärleriniñ güni mynasybetli ýurdumyzyñ ýokary okuw mekdepleriniñ talyplarynyñ gatnaṣmagynda “Matematiki modelirlemek” dersi boýunça bäsleṣik geçirildi.

Bu bäsleṣige ýurdumyzyñ ýokary okuw mekdeplerinden 50 den gowrak talyp gatnaṣdy.

Basleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onda talyp ýaşlar täze usullar bilen ykdysady meseleleriñ iñ amatly çözgüdini tapmakda ukyp -baṣarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleṣigiñ esasy maksady Türkmenistanyñ Prezidentiniñ kararlary bilen tassyklanan bäsleṣigiñ ugruna degiṣli dürli Konsepsiýalarda, Meýilnamalarda we Döwlet Maksatnamalarynda ylym-bilim iṣgärleriniñ öňünde Garaṣsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyñ Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giñ dünýägaraýyṣly, ýiti zehinli, ukuply we baṣarjañ, häzirkizaman sanly ykdysadyýetde giñden ulanylýan ykdysady-matematiki usullary we modelleri çuññur bilýän ýaṣ talyplary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Çäräniñ ahyrynda zehinli talyplary ýüze çykarmakda, ṣeýle tagallary edýän türkmen halkynyñ Milli Liderine, Gahryman Arkadagymyza, Arkdagly Gahryman Serdarymyza alkyṣ sözleri aýdyldy.

     Bägül Kakalyýewa,

TDM-niñ Halkara gatnaṣyklary institutynyñ talyby.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti