Ajaýyp döwrümizde ýurduň ösüşinde möhüm orny eýeleýän bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda bilim syýasaty gün-günden rowaçlanýar. Ulgamyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň hil taýdan halkara ülňülere laýyk getirilmegi durmuşa geçirilýän işleriň guwandyryjy netijeleridir.
Bilim ulgamynda amala aşyrylýan dowamly özgertmeleriň baş maksadynyň röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň bilim hem-de döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmekden, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe almaklaryny üpjün etmekden, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdygyny bellemelidiris. Çünki ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, watansöýüji, ruhubelent, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri ýagty geljegimiziň güwäsidir.
Eziz Diýarymyzda halkymyzyň durmuşy rowaçlyklara beslenip, ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle üstünlikler ýaşlaryň kalbynda belent buýsanjy, watansöýüjiligi kemala getirýär. Bu günki gün bagtyýar ýaşlarymyz bilim we terbiýe alyp, döwrebap tehnologiýalara erk edip, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine eýe bolýarlar. Biz muny iň döwrebap ugurlarda, ýagny sanly bilimiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýdyň göz ýetirýäris. Häzirki ylym-bilimiň ösýän döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär.
Maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýan bilim ulgamy bu gün ata Watanymyzda döwrüň häzirki zaman talaplary bilen aýakdaş ösdürilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň ençemesi innowasion tehnologiýalaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Innowasion tehnologiýalaryň erk edilmeginde takyk bilimlere has köp ähmiýet berlip, şolaryň hatarynda hem matematika dersiniň goşandy uludyr. Ýurdumyzda bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmekde, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmakda işler yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň täze gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.
Matematika käbir adamlar üçin geçilmesi kyn we aňyrsy görünmeýän ylymdyr, käbir adamlar üçin bolsa durmuşa göz ýetirmegiň, tebigatyň täsin syrlaryny çözmegiň ýoly bolup durýar.Çünki, ähli ylymlarda bolşy ýaly, matematikany söýmegiň ýoly, oňa sözüň doly manysy bilen düşünmekden geçýär. Matematika dünýädäki adamlaryň umumy dilidir. Sebäbi, onuň dili akyldyr. Bir garaýyşa görä, matematika adam beýnisiniň önümidir. Beýleki bir garaýyşa görä, matematika adamzat ýaradylan gününden başlap bardyr we ony adamlar ýüze çykarypdyrlar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda matematikany okatmakda talyplaryň işjeňligini, bilimleri özbaşdak ele almagyny, döredijilikli işlemegini gazanmak, okatmakda dersara baglanyşyga üns bermek esasy meseleleriň biri bolup durýar.
Matematik modelleri howa ýagdaýyny düzmekden başlap, tä kosmosy özleşdirmäge çenli dowam edip, ähli ugurlarda diýen ýaly ulanylýar. Matematikany ulanmak arkaly köplenç gymmada durýan barlaglary geçirmegiň zerurlygy bolmaýar. Matemetik hasaplamalar adamzat durmuşynyň howp astynda galmagyna ygtyýar bermeýär.
Matematika takyk ylymlara girýär. Matematik bilimleriň toplanan döwri miladydan öň V asyra degişli hasaplanýar. Filosofiýa – adamzadyň guraly bolup, onuň kömegi bilen ol tebigatyň gurluşyna akyl ýetirýär, matematika bolsa, ylymlaryň guraly. Tebigatyň gepleýän köp dillerini, biz matematikanyň diline geçirip bileris. Biz hadysalaryň gelejekki ýagdaýyny öňünden habar berýän modelleri hem gurup başararys. Matematika – altynjy duýgy bolup, ol diňe juda az adamlarda ýüze çykýar. Onda aýratyn düşbülik, onuň içki mantygyna we sazlaşygyna düşünmek has möhümdir. Häzirki zaman adamy matematikasyz oňup bilmez. Matematika bize pikirlenmegi, çuňňur oýlanmagy öwredýän ylymdyr.
Çünki matematika dersleriniň diňe bir sanlary ulanyp bilmegi öwretmek däl, eýsem, netijä gelmek, jemlemegi başarmak, ulgamlaşdyrmak, abstrakt düşünjäni ösdürmek ýaly maksatlary bar.