TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNESJEMGYÝET

Mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeler

Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeleri hökman göz öňünde tutmaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ahyryna çenli bellenen ähli işleri üstünlikli tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, Hökümet başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen bilelikde, Halk Maslahatynda berlen tabşyryklary durmuşa geçirmek, şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça maslahat geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz täze, 2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamaga we tassyklamaga hem ünsli seretmek barada görkezme berip, her ministrligiň we pudak edarasynyň öz önümçilik tabşyryklaryny hem-de wezipelerini anyk bilmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň Döwlet býujeti barada aýdyp, bu işi tamamlap, onuň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna bermegiň möhümdigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeleri hökman göz öňünde tutmaly diýip, milli Liderimiz bu tabşyrygy birnäçe gezek gaýtalap aýdýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere ýüzlenip, olaryň gözegçilik edýän ministrliklerini we pudak edaralaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak meseleleri babatda olaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda täze iş orunlaryny döretmek boýunça tassyklanan maksatnamanyň doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigine, şu ýyl tamamlanan soň, bu meselelere aýratyn serediljekdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Hökümet başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklaryň täsirini yzygiderli seljerip, ony azaltmak üçin çäreleri işläp taýýarlamalydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz şu ýagdaý bilen bagly ykdysady ýitgileriň öwezini dolmak hem-de ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Pul dolanyşygynyň durnukly bolmagyny we makroykdysady durnuklylygy gazanmak üçin zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmegiň depgininiň güýçlendirilmegi möhüm wezipeleriň hataryna kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetde zähmet bazary bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklap, zähmet gorlarynyň emele gelmegini we ýerlikli dolandyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz milli statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitläp, hasabatlylygyň görnüşlerini tükellemegi hem-de umumylaşdyrmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz hasabatlylygyň zerur bolmadyk we döwri geçen görnüşlerini aýyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu işleri sanly ulgam arkaly alyp barmagy, halkara tejribesinden ýerlikli peýdalanmagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisine ibermek üçin 2020-nji ýylyň rejelenen Döwlet býujetiniň taslamasyna seretmek baradaky hata gol çekdi.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Teswirle