TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Maskerano futbol sporty bilen hoşlaşdy

Dünýä belli, ençeme meşhur toparlarda çykyş eden we Argentina milli futbol ýygyndysynyň ýarymgoragçysy we goragçysy hasaplanylýan Hawýer Maskerano özüniň futbol ýoluny tamamlandygy barada habar berýär.

“Men şu gün professional futbol karýeramy tamamlaýandygymy barada habar bermek isleýärin. Şeýle hem Argentinanyň “Estudiantes” futbol toparyny karýeramy tamamlamaga mümkinçilik berendigi üçin sag bolsun aýdasym gelýär “-diýip Maskerano nygtap geçdi.

Maskerano ençeme dünýä belli toparlarda çykyş etdi. Olar: “Riwer Pleýt”, “Korintians”, “West Hem”, “Liwerpul”, “Barselona”, “Hebeý Çaýna Forçun” futbol toparlarydyr. Şeýle hem ýarymgoragçy Argentinanyň we Braziliýanyň futbol çempionatlarynyň çempiony, Ispaniýanyň 5 gezek çempiony bolmagy başardy.  “Barselona” toparynyň düzüminde 5 gezek Ispaniýanyň kubogyny, 3 gezek ýurduň naýbaşy kubogyny, 2 gezek Çempionlar ligasyny we UEFA Superkubogyny gazanmagy başardy.

Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň düzüminde Maskerano, 2001-nji ýylda geçirilen ýaşlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy. 2004 we 2008-nji ýyllarda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda iki gezek gyzyl medal gazandy. 2014-nji ýylda Braziliýa döwletinde geçirilen dünýä çempionatynda finala çykyp, kümüş medala mynasyp boldy.

Maskerano 1984-nji ýylyň 8-nji iýunda dogulýar. Boýy – 1,74 m. Häzirki wagtda Hawýer Maskerano 36 ýaşynda. “Barselona” futbol toparynda “14-lik” belgide, “Liwerpul” futbol toparynda “20-lik” belgide meýdança çykypdy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle