DÜNÝÄ

Mask: «Marsa bir million adam syýahat eder»

«SpaceX» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask 2050-nji ýyla çenli bir million adamy Marsa syýahata alyp gitmegi meýilleşdirýär. Milliarderiň bu maksady barada «Business Insider» we «Daily Mail» neşirleri habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, ýakyn on ýylyň dowamynda kompaniýa birnäçe gezek ulanyp bolan älem syýahatçylygy gämileriniň 1000 sanysyny öndürer. Has takygy, «Dragon Crew» diýlip atlandyrylýan gämileriň her ýyl 100-sini öndürmek meýilleşdirilýär.

«Biz islän adamy Marsa syýahata alyp gitmäge doly taýýar bolmaly. Biziň mümkinçiliklerimiziň arasynda diňe nagt pul boýunça syýahat däl-de, kredit boýunça syýahat etmek mümkinçiligi hem bolmaly» diýip, Mask meýilleri barada aýdýar.

«SpaceX» tarapyndan meýilleşdirilýän älem syýahatçylygy gämileriniň her birine 100 ýolagçy ýerleşer. Gerekli goşlar we azyk bilen birlikde her gämi 100 tonna ýüki Mars planetasyna çenli alyp çykyp biler.

Ýene-de okaň

Rigada türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri