TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Mary welaýaty: 7 ýylda 25 bina gurlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

“Türkmenistan” gazetindäki habara görä, Mary welaýatynda 2022 — 2028-nji ýyllarda 25 bina we desga gurlup ulanmaga berler. Şol döwürde welaýatda 3 sany hassahanany, 3 saglyk öýüni we merkezini, 6 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasyny, 7 sany orta mekdebi gurmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem 1677,85 kilometr suw geçiriji, 4 sany suw arassalaýjy desga, 83,7 kilometr lagym geçiriji, 2 sany lagym arassalaýjy desga, 1189,37 kilometr awtomobil ýoly, 524,65 kilometr gaz we 750,73 kilometr elektrik geçirijileri gurlar. 410,85 kilometr telefon ulgamy çekiler, 4288 sany telefon belgisi işe giriziler.

Şu döwürde welaýat boýunça 584,11 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berler.

Ýene-de okaň

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Teswirle