TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Mary etrabynda tehniki uglerod öndürýän zawod açyldy

Şu gün — 13-nji aprelde Mary welaýatynyň Mary etrabynda tehniki uglerod öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Etrabyň çäginden bölünip berlen 9,9 gektar meýdanda ýerleşýän tehniki uglerod öndürýän bu zawod «Eziz dag» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Täze önümçilik desgasynyň kuwwatlylygy her ýylda 3 000 tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenendir.

Dünýä ülňülerine gabat gelýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan zawodda Amerikanyň «AtlaCopka» kompaniýasynyň enjamy, dolandyryş ulgamynda Germaniýa «Siemens» kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Bu ýerde häzirki ISO 9001 we daşky gurşawa zyýansyzlygy barada ISO 14001 talaplaryna laýyk önümçilik ýola goýuldy.

Bu zawodyň işe girizilmegi bilen 100-e golaý iş orny açylyp, ýokary bilimli, köp ýyllyk tejribesi bolan tehnologlar, inženerler we ýaş hünärmenler zähmet çekerler.

Tehniki uglerod zerur himiki önümleriň biri bolup, bu, esasan, rezin önümçiliginde, plastik önümçilikde, nano-tehnologiýaly grafitlerde, poligrafiýa önümçiliginde hem-de elektro geçirijileri ultra-melewşe şöhlelerden goramak üçin daşky örtük hökmünde giňden ulanylýar.

Zawodyň barlaghanasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde tehniki uglerodyň 10-dan gowrak hil barlaglary ýerine ýetiriler.

 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahaty

Ýene-de okaň

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Teswirle